Scrolling decorative text image
Center LTM logo

Только для самых смелых

+993 61 00 97 92
RU EN TM
Логотип LTM Studio
Circle 1
Circle 3
Circle 4
Circle 5
Circle 6
Radial Circle
Circle 3
Circle 5

LTM :

LTM — işiňiz üçin toplumlaýyn IT çözgütleri hödürleýän hünärmenleriň topary. Biz diňe bir web sahypalaryny ýa-da mobil goşundylary däl-de, kompaniýanyň ösüşini çaltlandyrmaga we içerki iş proseslerini gowulandyrmaga mümkinçilik berýän strategik gurallary döredýäris. Döwrüň häzirki tehnologiýalaryny ornaşdyrmak müşderilerimize öndürijiligi ýokarlandyrmaga we iş tertibini optimizirlemäge kömek edýär.

Bizde perfektsionizmiň geni bar
— üstünlik bolsa
jikme-jikliklere we dissiplina bagly.

Biziň iş ýörelgämiz müşderi bilen ýakyn hyzmatdaşlyga esaslanýar.
Biz işiň aýratynlyklaryny içgin öwrenýäris we iň laýyk hem-de netijeli çözgütleri teklip edýäris.
Taslamaňyz diňe ownuk üýtgetmeleri talap edýän ýagdaýda-da ýa-da bar bolan prosesleriň düýpli täzelenmegini zerur edýän ýagdaýynda-da, biz uzak möhletleýin netijeleri üpjün edip biljek iň oňat ýoluny hödürlemäge taýýar.

Kompaniýanyň taryhy

📚 LTM — Türkmenistanda web sahypalaryny, mobil goşundylary döretmek we Bitrix24 ulgamyny ornaşdyrmak boýunça döwrebap IT çözgütlerini hödürleýän kompaniýa. Biz uly we orta biznesler bilen işleýäris, diňe sanly önümleri döretmek däl-de, eýsem olaryň iş prosesindäki 'agry nokatlaryny' IT arkaly çözmegi maksat edinýäris.



👨‍💻 'Biz — hünärmenler topary' diýen söz ähli saýtlarda bar, emma biz beýlekilerden tapawutly. LTM — iri kompaniýalarda 4+ ýyllyk tejribesi bolan IT hünärmenlerinden ybarat topar. Biz öz proýektlerimizi döretmek we müşderilere täzeçe, döredijilikli çözgütleri hödürlemek üçin birleşdik. LTM -da öň korporatiw çäklendirmeleriň kölegesinde galan pikirleri we çemeleşmeleri batyrgaý we innowasion görnüşde durmuşa geçirýäris.



💡 Biziň ýörelgämiz — müşderiniň netijesine gönükdirilen iş we onuň işine hakykatdan hem peýda berjek zatlary teklip etmek. Her bir proýekte aýratyn çemeleşýäris, käwagt iň amatly çözgüt taýýar şablon bolsa-da (bu elbetde gowy däldir((( ), biz ony hem saýlap bilýäris.



🚀 Maksatlaryňyza has laýyk gelýän aýratyn önümi döretmek mümkinçiligi bar bolsa — biz şol ýoly hödürläris. Biz müşderilerimize ösüşe tarap ýol açýan netijeli çözgütleri teklip edýäris we tehniki kynçylyklaryň hemmesini özümize alýarys.



🤝 LTM — tehnologik innowasiýalara we sanly transformasiýa tarap ýolda siziň ygtybarly hyzmatdaşlaryňyz. Biz diňe bir meseläňizi çözüp goýbermeris — eýsem biziň hödürleýän çözgütlerimiz, bäsdeşleriňiz hünärini üýtgetmegine-de sebäp bolup biler.

Холодная статистика

  • 0
    IT-däki ýyllar
  • 0
    Işjeň proýektler
  • 0
    Gyzyksyz çözgütler
  • 0
    Bitrix24 ornaşdyryldy
  • 0
    Içilen Redbull-lar

Biziň gymmatlyklarymyz

Her bir ugra "çuňňur" düşünip, onuň gymmatyny artdyrmak

  • 01

    Her ädimde jogapkärçilik we dogruçyllyk


    Responsibility and honesty
    at every stage

  • 02

    Girdeji gazanmak


    Analiz etmek, seljermek
    we netijeli
    maýa goýmak

  • 03

    Ösmek


    Ýerinde durman,
    meseleleri dürli ugurdan çözmek

Proýektleriň arasynda biz öwrenýärdik, öwrenýäris we ösüşi dowam etdirýäris

Toparyň bir bölegi bol

Eger siz ökde hünärmen bolsaňyz we frilansdan ýa-da birmeňzeş, gündelik işlerden dynyp, IT ulgamynda täze ugra geçmäge çynlakaý taýýar bolsaňyz — dogry ýere geldiňiz. Eger sizi adaty korporatiw düzgünler ýadadýan bolsa, mysal üçin: diňe project manager taslamany alyp barýan hem bolsa-da, daşary ýurt dilini bilmek hökmany ýaly talaplar ýa-da resepsiýada sekuntma-sekunt bellige durmadyk üçin jerime salynýan ýagdaýlar — onda geliň biziň toparymyza goşulyň 💪 Şu ýerde häzirki açyk wezipeler bilen tanyşyp bilersiňiz:

Biz işgärlerimize hormat bilen çemeleşýäris we ösüş üçin ähli mümkinçilikleri döredýäris. Biziň superwaýzerlerimiz işlerimizi mümkin boldugyça amatly ýagdaýda meýilleşdirýärler. Ýöne öz rezumeňizi ibermezden öň, aşakdaky häsiýetleriň sizde bardygyna göz ýetiriň:

  • Siz 100% hünärmen we belli bir derejä ýetdiňiz

  • Siz öz işiňize söýgi bilen çemeleşýärsiňiz

  • Siz düýn kursy tamamlan däl-de, eýsem tejribäňiz bar

  • Siz işiňizden lezzet alýarsyňyz, diňe aýlyk ýokarlanmagyna garaşmaýarsyňyz

  • Siz jikme-jikliklere ünsli çemeleşýärsiňiz

  • Siz takyklygy we tertibi gowy görýän \n(hünärine jogapkärçilik bilen çemeleşýän) adam

  • Sizi örän çylşyrymly wezipeler hem gorkuzmaýar

  • Siz her bir işi soňuna çenli ýerine ýetirýärsiňiz

  • Täze zatlary synag hökmünde görýärsiňiz we ýeňmäge taýynsyňyz

  • Bir iş şowsuz bolanda, siz “depresiýa” düşmeýärsiňiz

  • “Tapmadym”, “düşünmedim”, “bilemok” diýen sözler size nätanyş

  • Siz öz ýalňyşlygyňyzda hiç haçan beýlekini günäkärlemeýärsiňiz

  • Siz ýeňil turýan adamlaryň biriňiz (takmynan sagat 10:00-dan başlap 😄)

  • Kofä bolan söýgiňiz we hormatyňyz ýokary

  • Siz hemişe aragatnaşykda — hatda “häzir Bali’de dynç alýan bolsaňyzam”

  • Siz wezipeler arasynda aňsatlyk bilen geçip bilýärsiňiz

  • Siz her sekunt täze bir zat öwrenmäge synanyşýarsyňyz

  • Sizde “Одноклассники” sahypasy ýok — hiç haçan bolan hem däldir (iň bolmanda onuň abraýa ýetirýän zyýanlaryny bilýärsiňiz)

Eger siz bu sanawdan azyndan 12 aýratynlyga laýyk gelýän bolsaňyz — onda bize öz rezumeňizi iberiň info@ltm. – belki, siz biziň toparymyzyň täze agzasy bolarsyňyz.

Öz
işimiziň ussatlary

Diňe bir zat däl
IT kompaniýasyndan hem giň

Biz işiňizi öňe sürýän "detallar we gurallar" döredýäris. Her bir pikiri çuňňur işläp taýýarlaýarys, onuň gymmatlyklaryny we filosofiýasyny giňeldýäris. Netijede, işiňiziň ösmegine kömek edýän möhüm çözgütleri döredýäris.

Biziň üçin esasy zat — netije. "Işiň çylşyrymlylygyna garamazdan, biz täze pikirleri ýüze çykarýarys." LTM — pikir bilen duýgyny baglanyşdyrýan studiýa. Biz muny başarýarys!

LTM — Türkmenistanda web sahypalary, mobil priloženiýalary taýýarlamak we Bitrix24 ulgamyny ornaşdyrmak boýunça IT çözgütleri hödürleýän kompaniýa. Biz orta we uly biznes üçin işläp, diňe sanly önüm döretmek bilen çäklenmän, eýsem IT arkaly iş prosesindäki kynçylyklary hem çözmäge kömek edýäris.

"Biz — professional topar" diýen söz her bir saýtda gabat gelýär. Emma biz başga ugurdan ýöremegi saýladyk. LTM — iri kompaniýalarda 4+ ýyl tejribesi bolan IT hünärmenleriň topary. Biz öz taslamalarymyzy döretmek we müşderilerimize täze, döredijilikli çözgütleri hödürlemek üçin birleşdik. Biz LTM -da öň korporatiw çäklendirmeler sebäpli durmuşa geçirilmedik pikirleri amala aşyrmaga mümkinçilik aldyk — indi bolsa batyrgaý we innowasion çözgütleri hödürleýäris.

Biziň ýörelgämiz — müşderiniň netijesine gönükdirilen iş we onuň işine hakykatdan hem peýda berjek zatlary teklip etmek. Her bir proýekte aýratyn çemeleşýäris, käwagt iň amatly çözgüt taýýar şablon bolsa-da (bu elbetde gowy däldir((( ), biz ony hem saýlap bilýäris.Maksatlaryňyza has laýyk gelýän aýratyn önümi döretmek mümkinçiligi bar bolsa — biz şol ýoly hödürläris. Biz müşderilerimize ösüşe tarap ýol açýan netijeli çözgütleri teklip edýäris we tehniki kynçylyklaryň hemmesini özümize alýarys.

LTM — tehnologik innowasiýalara we sanly transformasiýa tarap ýolda siziň ygtybarly hyzmatdaşlaryňyz. Biz diňe bir meseläňizi çözüp goýbermeris — eýsem biziň hödürleýän çözgütlerimiz, bäsdeşleriňiz hünärini üýtgetmegine-de sebäp bolup biler.