Scrolling decorative text image
Center LTM logo

Только для самых смелых

+993 61 00 97 92
RU EN TM
Логотип LTM Studio
Circle 1
Circle 3
Circle 4
Circle 5
Circle 6
Radial Circle

Pikir dörän pursatyndan
hakykata öwrülýänçä:

Biz Türkmenistanda diňe bir IT hyzmatlaryny hödürleýän kompaniýada däl-de, eýsem müşderilerimiziň işini täze derejä çykarmagy maksat edinýän topar. Her bir proýekti iň ýokary üns we netijelilik bilen ýerine ýetirýäris. Biziň hünär ussatlygymyz we innowasion pikirlenşimiz birleşip, siziň işiňizi bäsdeşleriň arasynda tapawutlandyrjak çözgütleri döredýär.

Biz bilen işleşip, siziň biznesiňiz täze ösüş ýoluna çykýar, pikirleriňiz bolsa üstünlikli taslamalara öwrülýär. Türkmenistandaky IT kompaniýasy bilen işiňize täze ösüş ýoluny açyň.

Biz şu ugurlar boýunça işleýäris:

Web sahypa taýýarlaýarys

Web sahypalary döretmegiň toplumlaýyn çemeleşmesi: taslama taýýarlamak, dizaýn, programmirleme we synagdan geçirmek. Biziň çözgütlerimiz siziň işiňize laýyklykda ýöriteleşdirilýär — ýokary funksiýany, ulanyjy üçin amatlylygy we döwrebap dizaýny üpjün edýär. Hünär taýdan taýýarlanan web sahypa bilen internetde has görnükli boluň we işiňiziň artykmaçlyklaryny görkezmegiň ýoluny tapyň.

Giňişleýin oka

Mobil priloženiýalary taýýarlaýarys

Siziň işiňiz üçin ýöriteleşdirilen çözgütler. Biz iOS we Android üçin işiňizi gowulandyrmaga hem-de anyk iş maksatly netijelere ýetmäge gönükdirilen mobil priloženiýalary taýýarlaýarys. Amatly, çalt we ygtybarly — biziň gpriloženiýalarymyz iş gurallaryňyzyň arasynda ynamdar hyzmatdaş bolar.

Giňişleýin oka

Internet dükanlaryny taýýarlaýarys

Işiňiziň we müşderileriň zerurlyklaryna laýyklykda taýýarlanýan aýratyn çözgütler. Biz onlaýn satuw üçin amatly, ygtybarly we köpugurly internet dükanlaryny döredýäris — olar internetde üznüksiz söwdany we işiňiziň ösmegini üpjün edýär. Üstünlikli söwda üçin ähli zerur gurallar bilen doly integrasiýa edýäris. Siziň işiňiz indi 24/7 elýeterli bolar.

Giňişleýin oka

Bitrix24 CRM ulgamyny ornaşdyrmak

Bitrix24 işgärleriň işine gözegçiligi tabşyryk we hasabat ulgamy arkaly üpjün edýär. CRM komponenti müşderiler bilen gatnaşygy ösdürýär — söwdalary we gatnaşyk taryhlaryny doly hasaba alýar. Platforma taslamalary meýilleşdirmäge we utgaşdyrmaga kömek edýär, netijede olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine şert döredýär.

Giňişleýin oka

Iş tapgyrlarymyz

Analiz we taýýarlyk

Ilki bilen biz proýektiň talaplaryny öwrenýäris, maksatlaryny we wezipelerini kesgitleýäris, maksatlaýyn topary we bäsdeşleri seljerýäris. Bu bolsa proýekti üstünlikli ýerine ýetirmek üçin meýilnama düzmäge we laýyk tehnologiýalary saýlamaga mümkinçilik berýär.

Taslamalar we dizaýn

Web sahypanyň gurluşyny we konsepsiýasyny taýýarlaýarys, sahypalaryň maketlerini we prototiplerini düzýäris. Soňra dizaýn işlerine geçýäris — şriftleri, reňkleri we brendiňize hem-de maksatlaryňyza laýyk grafiki elementleri saýlaýarys.

Programmirleme we funksional

Web sahypanyň esasy funksiýalaryny işläp düzýäris — aragatnaşyk formalaryndan başlap, daşarky ulgamlara we mazmun dolandyryş platformalaryna çenli integrasiýalar. Sahypanyň durnukly işlemegini üpjün etmek üçin ähli zerur gurallary ornaşdyrýarys.

Synag we sazlaýyş

Web sahypa işe girizilmezinden ozal dürli enjamlar we brauzerler arkaly doly synagdan geçirilýär. Ýalňyşlyklar düzedilýär, tizligi we öndürijiligi optimizasiýa edilýär, ulanyjy üçin amatly tejribe üpjün edilýär.

Işe girizmek we goldaw

Ahyrky barlaglardan soň web sahypany hostinge ýerleşdirýäris we işe girizýäris. Taslamany dolandyrmak boýunça müşderä okuw berýäris we onuň ösüşi hem-de täzelenmegi üçin dowamly goldaw berýäris.

Siziň proýektiňiz netijeli we girdejili bolar

Biziň maksadymyz — sizi bazarda liderlige çykarmak ýa-da iň bolmanda mümkinçiligiň ähli peýdasyny almak.
  • 🤓 Ilki özümizde synagdan geçýäris
    Ilki özümizde barlap görýäris, soňra beýleki müşderilere ornaşdyrýarys
  • 💰 Girdejili maýa goýum
    Hil we netije siziň garaşyşyňyzdan hem ýokary bolýar
  • ⏱️ Iň oňat möhletler
    Wagt taýdan bozulmalar ýa-da gijikdirmeler ýok
  • 🧱 Brend üçin dogry platforma döredýäris
    Sistemaly, logiki we kämil döredijilik bilen – hiç hili bulaşyklyk ýok
  • 🧭 Dogry strategiýa
    Toplumlaýyn proýektler işiň netijeliligini tapawutly ugurlar boýunça ýokarlandyrýar
  • 🧠 Meselä düýpli seredýäris
    Diňleýäris, pikirlenýäris, analiz edýäris we çözýäris
  • ❤️‍🔥 Netije üçin ýürekden alada edýäris
    Her bir proýekte öz proýektimiz ýaly çemeleşýäris
Öz
işimiziň ussatlary

Diňe bir zat däl
IT kompaniýasyndan hem giň

Biz işiňizi öňe sürýän "detallar we gurallar" döredýäris. Her bir pikiri çuňňur işläp taýýarlaýarys, onuň gymmatlyklaryny we filosofiýasyny giňeldýäris. Netijede, işiňiziň ösmegine kömek edýän möhüm çözgütleri döredýäris.

Biziň üçin esasy zat — netije. "Işiň çylşyrymlylygyna garamazdan, biz täze pikirleri ýüze çykarýarys." LTM — pikir bilen duýgyny baglanyşdyrýan studiýa. Biz muny başarýarys!

LTM — Türkmenistanda web sahypalary, mobil priloženiýalary taýýarlamak we Bitrix24 ulgamyny ornaşdyrmak boýunça IT çözgütleri hödürleýän kompaniýa. Biz orta we uly biznes üçin işläp, diňe sanly önüm döretmek bilen çäklenmän, eýsem IT arkaly iş prosesindäki kynçylyklary hem çözmäge kömek edýäris.

"Biz — professional topar" diýen söz her bir saýtda gabat gelýär. Emma biz başga ugurdan ýöremegi saýladyk. LTM — iri kompaniýalarda 4+ ýyl tejribesi bolan IT hünärmenleriň topary. Biz öz taslamalarymyzy döretmek we müşderilerimize täze, döredijilikli çözgütleri hödürlemek üçin birleşdik. Biz LTM -da öň korporatiw çäklendirmeler sebäpli durmuşa geçirilmedik pikirleri amala aşyrmaga mümkinçilik aldyk — indi bolsa batyrgaý we innowasion çözgütleri hödürleýäris.

Biziň ýörelgämiz — müşderiniň netijesine gönükdirilen iş we onuň işine hakykatdan hem peýda berjek zatlary teklip etmek. Her bir proýekte aýratyn çemeleşýäris, käwagt iň amatly çözgüt taýýar şablon bolsa-da (bu elbetde gowy däldir((( ), biz ony hem saýlap bilýäris.Maksatlaryňyza has laýyk gelýän aýratyn önümi döretmek mümkinçiligi bar bolsa — biz şol ýoly hödürläris. Biz müşderilerimize ösüşe tarap ýol açýan netijeli çözgütleri teklip edýäris we tehniki kynçylyklaryň hemmesini özümize alýarys.

LTM — tehnologik innowasiýalara we sanly transformasiýa tarap ýolda siziň ygtybarly hyzmatdaşlaryňyz. Biz diňe bir meseläňizi çözüp goýbermeris — eýsem biziň hödürleýän çözgütlerimiz, bäsdeşleriňiz hünärini üýtgetmegine-de sebäp bolup biler.