Scrolling Image
Center Image

Только для самых смелых

+993 61 00 97 92
RU EN TM
Logo
Image

Taslamanyň jikme-jikleri

Kim?

Nurana Bedew

Näme?

Bitrix

Hacan?

2025

Maksat

Kompaniýanyň ösüşi bilen birlikde wezipeleriň, gatnaşyjylaryň we resminamalaryň sany hem artdy. Şonuň üçin ähli işleri bir ýerden dolandyrmaga mümkinçilik berýän ulgam gerek boldy — wezipesini bermek, jogapkärleri belläp, möhletleri yzarlamak we iş proseslerini açyk saklamak üçin. Esasan-da eksport, resmileşdiriş we şertnamalar bilen baglanyşykly işleri tertipläp dolandyrmak gerekdi

Netije

Ilki bilen kompaniýadaky häzirki iş proseslerini seljerdik: işler nähili gurnalýar, haýsy ýerlerde bökdençlik bolýar we haýsy wezipeler gaýtalanýar — şulary gözden geçirdik. Soňra Bitrix24 ulgamyny ornaşdyrmak boýunça ädimme-ädim meýilnama düzdük. Bir aýyň dowamynda bölümleriň ýolbaşçylary bilen her gün işleşdik: wezipeleriň ugruny, rol bölünişini we ylalaşyk ugurlaryny sazladyk. Şondan soň ulgamy tapgyrlaýyn işgärlere geçirdik, işläp ulanmaga öwretdik we ornaşdyrma tapgyryna goldaw berdik. Üstüne üstlük, ýöriteleşdirilen iş proseslerini hem awtomatlaşdyrdyk: eksport amallarynyň resmileşdirilişi we gözegçiligi, içki resminamalaryň ykrar edilmegi, şertnamalaryň ylalaşyk ugurlary we statuslary. Şu wagt kompaniýada Bitrix24 esasynda işleýän ulgam bar — kim näme edýär we haçan edýär diýen zatlar aýdyňdyr, ähli işler yzarlanýar we möhüm ädimler ýitirilmeýär.

Işewürlikde
iň gowusy

More than just
IT-company

Biz siziň işiňizi öňe süýşürýän "detallar we gurallar" döredýäris. Her bir pikiri amala aşyran wagtymyz, onuň gymmatlyklaryny we pelsepesini giňeldýäris, işewürlikleriň zerur bolan ösüşine ýetmegine kömek edýän manyly çözgütler döredýäris.

Biziň kompaniýamyz "netijeliligi" ilkinji ýere goýýar we işewürligiň ähli pragmatizmine garamazdan, siziň diňleýjiňiz bilen köp ýyllaryň dowamynda aragatnaşyk gurup biljek çözgütleri ornaşdyrmak üçin döredijilikli pikirleri tapýarys. LTM Studio başarýan studiýa!

IT-kompaniýa "LTM Studio" 2017-nji ýylda esaslandyryldy. Biziň kompaniýamyzyň şygary: "Döredýär we ylham berýär". Giň gerimli professional IT-hyzmatlardan başga-da, biz öňdebaryjy tehnologiýalary we şahsy çemeleşmäni birleşdirýän IT çözgütlerimiz bilen buýsanýarys. Biz müşderilere olaryň işlerini ösdürmek üçin innowasion we täsirli strategiýalary, web sahypalaryndan we şahsy mobil programmalaradan başlap, belli bir işewürlik meseleleri üçin döredilen çylşyrymly toplumlaýyn ulgamlara çenli hödürleýäris.

Biziň IT-hyzmatlarymyz müşderilere işewürlik proseslerini optimizirlemäge we müşderiler bilen aragatnaşygy gowulandyrmaga kömek edýär. Biz diňe häzirki işewürlik zerurlyklaryna laýyk gelýän däl, eýsem geljekde boljak üýtgeşmelere hem uýgunlaşýan ýöriteleşdirilen IT çözgütlerini işläp düzýäris we ornaşdyrýarys, durnukly ösüşi we ösüşi üpjün edýäris.

Biziň toparymyz IT pudagynda ýokary derejeli hünärmenlerden ybarat bolup, siziň işiňiziň hilini ýokarlandyrmaga, işgärleriň habardarlyk derejesini artdyrmaga, gyssagly işewürlik meselelerini çözmäge we kompaniýanyň girdejisini ýokarlandyrmaga kömek eder. Maslahat berlen kompaniýalar üçin biz her wagt garaşylanyndan has köpräk ýerine ýetirýäris, we olaryň üstünlikleri biziň abraýymyzdyr.

Esasy gymmatlyk – töweregindäki jemgyýeti kämilleşdirýän işgärlerdir. "LTM Studio" IT we professional iş ugurlarynda täze bilimler we başarnyklar gazanmaga bolan islegi birleşdirýär. Biz adaty çäkleri ýeňip geçip, öz pikirlerimizi durmuşa geçirýäris we biziň innowasion IT çözgütlerimiziň ähli kompaniýa üçin täze mümkinçilik bolup biljekdigine düşünýäris. Şonuň üçin biz adaty iş tejribämizde bolup geçýän üýtgeşikliklerden gorkmaýarys. Biz özüni professional we şahsy taýdan ösdürmäge çalyşýan, bilimlerini kärdeşleri bilen paýlaşýan we öz kompaniýasynyň bähbitlerine hyzmat edýän işgärleri ýokary baha berýäris. Biz "LTM Studio"-daky TOPAR bir näçe adamdan has köp zatdygyna ynanýarys. Bu, innowasion IT çözgütleriniň ösmegine we müşderilerimiziň işewürligini kämilleşdirmäge öz goşandyny goşmaga taýyn bolan hünärmenleriň birleşmesidir.