
Taslamanyň jikme-jikleri Duomouseion
Kim?
Duomouseion
Näme?
Lending
Hacan?
2023
Maksat
Saz sungatyna degişli duet Fransiýadaky tomaşaçylara niýetlenen sahypany döretmek isledi. Saýt diňe maglumat berýän däl, eýsem estetika, ýeňillik we göze görünýän arassalyk bilen aýratyn tapawutlanmalydy. Esasy maksat — konsertleriň tertibini paýlaşmak, öz döredijilik ýoluny görkezmek we muşdaklar bilen hemişe aragatnaşykda bolmakdy. Her bir bölegi ýönekeý, emma sahna medeniýetine we klassiki saz sungatyna laýyk derejede duýgur bolmalydy.
Netije
Biz duetiň döredijilik dünýäsine laýyk gelýän, estetikasy güýçli we sada görnüşli web-saýt taýýarladyk. Bu sahypa olaryň onlaýn giňişligine öwrüldi — muşdaklary bilen gatnaşygy saklamaga, çykyşlar baradaky maglumatlary paýlaşmaga we özleriniň döredijilik keşbini görkezmäge mümkinçilik berýär. Afişa üçin aýratyn bölüm ýerleşdirildi: çykyşlaryň senesi, şäheri, sahnasy we bilet satyn almak üçin baglanyşyklar — tomaşaçylaryň geljekki çykyşlardan habarly bolmagy üçin ähli zat göz öňünde tutuldy. Şeýle-de abuna ýazylmak we göni habarlaşmak mümkinçilikleri döredildi. Sahypa doly adaptirlenen görnüşde işlenildi: fransuz dilinde işleýär we ähli enjamda birmeňzeş derejede amatly görkezilýär. Duet sahypadaky tertibi we maglumatlary özbaşdak täzeläp, islendik üýtgetmeleri girizip bilýär — programmistleriň kömegine garaşsyz. Indi DuoMouseion döredijilik älemindäki gatnaşygyny has çuňlaşdyryp bilýän owadan hem-de peýdaly sahypa eýe boldy — olaryň sahnalaýyn keşbini duýgurlyk bilen görkezýän aýratyn giňişlik.
işimiziň ussatlary
Diňe bir zat däl
IT kompaniýasyndan hem giň
Biz işiňizi öňe sürýän "detallar we gurallar" döredýäris. Her bir pikiri çuňňur işläp taýýarlaýarys, onuň gymmatlyklaryny we filosofiýasyny giňeldýäris. Netijede, işiňiziň ösmegine kömek edýän möhüm çözgütleri döredýäris.
Biziň üçin esasy zat — netije. "Işiň çylşyrymlylygyna garamazdan, biz täze pikirleri ýüze çykarýarys." LTM — pikir bilen duýgyny baglanyşdyrýan studiýa. Biz muny başarýarys!
LTM — Türkmenistanda web sahypalary, mobil priloženiýalary taýýarlamak we Bitrix24 ulgamyny ornaşdyrmak boýunça IT çözgütleri hödürleýän kompaniýa. Biz orta we uly biznes üçin işläp, diňe sanly önüm döretmek bilen çäklenmän, eýsem IT arkaly iş prosesindäki kynçylyklary hem çözmäge kömek edýäris.
"Biz — professional topar" diýen söz her bir saýtda gabat gelýär. Emma biz başga ugurdan ýöremegi saýladyk. LTM — iri kompaniýalarda 4+ ýyl tejribesi bolan IT hünärmenleriň topary. Biz öz taslamalarymyzy döretmek we müşderilerimize täze, döredijilikli çözgütleri hödürlemek üçin birleşdik. Biz LTM -da öň korporatiw çäklendirmeler sebäpli durmuşa geçirilmedik pikirleri amala aşyrmaga mümkinçilik aldyk — indi bolsa batyrgaý we innowasion çözgütleri hödürleýäris.
Biziň ýörelgämiz — müşderiniň netijesine gönükdirilen iş we onuň işine hakykatdan hem peýda berjek zatlary teklip etmek. Her bir proýekte aýratyn çemeleşýäris, käwagt iň amatly çözgüt taýýar şablon bolsa-da (bu elbetde gowy däldir((( ), biz ony hem saýlap bilýäris.Maksatlaryňyza has laýyk gelýän aýratyn önümi döretmek mümkinçiligi bar bolsa — biz şol ýoly hödürläris. Biz müşderilerimize ösüşe tarap ýol açýan netijeli çözgütleri teklip edýäris we tehniki kynçylyklaryň hemmesini özümize alýarys.
LTM — tehnologik innowasiýalara we sanly transformasiýa tarap ýolda siziň ygtybarly hyzmatdaşlaryňyz. Biz diňe bir meseläňizi çözüp goýbermeris — eýsem biziň hödürleýän çözgütlerimiz, bäsdeşleriňiz hünärini üýtgetmegine-de sebäp bolup biler.