
Taslamanyň jikme-jikleri Eurocosmetics
Kim?
Eurocosmetics
Näme?
Katalog web-sahypa
Hacan?
2025
Maksat
Müşderä halkara sergä gatnaşmak üçin öz önümlerini we kosmetika hyzmatlaryny görkezýän web sahypasy gerekdi. Esasy maksat — kompaniýanyň hünär derejesini görkezmek, beýleki gatnaşyjylaryň arasynda tapawutlanmak we marka hem-de teklipler barada maglumatlara amatly elýeterliligi üpjün etmekdi.
Netije
Biz müşderiniň korporatiw stili bilen utgaşykly bir sahypalyk web saýty taýýarladyk. Dizaýnda markanyň aýratyn reňkleri we wizual elementleri ulanyldy. Sahypada ýerleşdirildi: kompaniýa we önümleri barada gysgaça maglumat, haryt ugurlaryna degişli wizual bellikler, habarlaşmak üçin aragatnaşyk maglumatlary. Web sahypa mobil enjamlar üçin uýgunlaşdyrylan we ony sergide ýa-da geljekki onlaýn tanyşdyryşlar üçin ulanmak mümkinçiligi bar.
işimiziň ussatlary
Diňe bir zat däl
IT kompaniýasyndan hem giň
Biz işiňizi öňe sürýän "detallar we gurallar" döredýäris. Her bir pikiri çuňňur işläp taýýarlaýarys, onuň gymmatlyklaryny we filosofiýasyny giňeldýäris. Netijede, işiňiziň ösmegine kömek edýän möhüm çözgütleri döredýäris.
Biziň üçin esasy zat — netije. "Işiň çylşyrymlylygyna garamazdan, biz täze pikirleri ýüze çykarýarys." LTM — pikir bilen duýgyny baglanyşdyrýan studiýa. Biz muny başarýarys!
LTM — Türkmenistanda web sahypalary, mobil priloženiýalary taýýarlamak we Bitrix24 ulgamyny ornaşdyrmak boýunça IT çözgütleri hödürleýän kompaniýa. Biz orta we uly biznes üçin işläp, diňe sanly önüm döretmek bilen çäklenmän, eýsem IT arkaly iş prosesindäki kynçylyklary hem çözmäge kömek edýäris.
"Biz — professional topar" diýen söz her bir saýtda gabat gelýär. Emma biz başga ugurdan ýöremegi saýladyk. LTM — iri kompaniýalarda 4+ ýyl tejribesi bolan IT hünärmenleriň topary. Biz öz taslamalarymyzy döretmek we müşderilerimize täze, döredijilikli çözgütleri hödürlemek üçin birleşdik. Biz LTM -da öň korporatiw çäklendirmeler sebäpli durmuşa geçirilmedik pikirleri amala aşyrmaga mümkinçilik aldyk — indi bolsa batyrgaý we innowasion çözgütleri hödürleýäris.
Biziň ýörelgämiz — müşderiniň netijesine gönükdirilen iş we onuň işine hakykatdan hem peýda berjek zatlary teklip etmek. Her bir proýekte aýratyn çemeleşýäris, käwagt iň amatly çözgüt taýýar şablon bolsa-da (bu elbetde gowy däldir((( ), biz ony hem saýlap bilýäris.Maksatlaryňyza has laýyk gelýän aýratyn önümi döretmek mümkinçiligi bar bolsa — biz şol ýoly hödürläris. Biz müşderilerimize ösüşe tarap ýol açýan netijeli çözgütleri teklip edýäris we tehniki kynçylyklaryň hemmesini özümize alýarys.
LTM — tehnologik innowasiýalara we sanly transformasiýa tarap ýolda siziň ygtybarly hyzmatdaşlaryňyz. Biz diňe bir meseläňizi çözüp goýbermeris — eýsem biziň hödürleýän çözgütlerimiz, bäsdeşleriňiz hünärini üýtgetmegine-de sebäp bolup biler.