Scrolling decorative text image
Center LTM logo

Только для самых смелых

+993 61 00 97 92
RU EN TM
Логотип LTM Studio
Kenek

Taslamanyň jikme-jikleri Kenek

Kim?

Kenek

Näme?

Mobil applikasiýalar

Hacan?

2024

Maksat

Müşderiniň eýýäm internet dükanı bardy, ýöne elýeterliligi giňeltmek we satyn alyş amatlylygyny ýokarlandyrmak üçin ýörite mobil goşundy taýýarlamaly boldy. Maksat — mobil ulanyjylara ýetmek, harytlara girişi ýönekeýleşdirmek, sargytlaryň sanyny artdyrmak we müşderi wepalylygyny ýokarlandyrmak. Goşundynyň telefona laýyk amatly interfeýsiniň bolmagy we onuň Google Play bilen App Store-a ýerleşdirilmegi möhüm boldy.

Netije

Biz Android we iOS üçin mobil goşundyny taýýarladyk, ol dükan ulgamynyň häzirki ulgamy bilen doly sinhronizirlenen. Goşundyda aşakdaky mümkinçilikler üpjün edildi: filtrler, gözleg we meşhur harytlara çalt elýeterlilik bilen katalog; suratlar, düşündiriş we bahasy bilen haryt kartlary; sebet we sargyt etmek funksiýasy; aksiýalar we ýatlatmalar üçin push-bildirişler. Goşundy üstünlikli ýagdaýda Google Play hem-de App Store platformalaryna ýerleşdirildi. Ähli aýratynlyklar hakyky ulanmak ýagdaýlaryna uýgunlaşdyryldy: ýolda söwda etmek, täze gelen harytlara seretmek, tiz gaýtadan sargyt bermek. Indi Kenek markasynyň doly görnüşli mobil satuw kanaly bar — amatly, häzirki zaman talaplaryna laýyk we giňeldilmäge taýýar.

Öz
işimiziň ussatlary

Diňe bir zat däl
IT kompaniýasyndan hem giň

Biz işiňizi öňe sürýän "detallar we gurallar" döredýäris. Her bir pikiri çuňňur işläp taýýarlaýarys, onuň gymmatlyklaryny we filosofiýasyny giňeldýäris. Netijede, işiňiziň ösmegine kömek edýän möhüm çözgütleri döredýäris.

Biziň üçin esasy zat — netije. "Işiň çylşyrymlylygyna garamazdan, biz täze pikirleri ýüze çykarýarys." LTM — pikir bilen duýgyny baglanyşdyrýan studiýa. Biz muny başarýarys!

LTM — Türkmenistanda web sahypalary, mobil priloženiýalary taýýarlamak we Bitrix24 ulgamyny ornaşdyrmak boýunça IT çözgütleri hödürleýän kompaniýa. Biz orta we uly biznes üçin işläp, diňe sanly önüm döretmek bilen çäklenmän, eýsem IT arkaly iş prosesindäki kynçylyklary hem çözmäge kömek edýäris.

"Biz — professional topar" diýen söz her bir saýtda gabat gelýär. Emma biz başga ugurdan ýöremegi saýladyk. LTM — iri kompaniýalarda 4+ ýyl tejribesi bolan IT hünärmenleriň topary. Biz öz taslamalarymyzy döretmek we müşderilerimize täze, döredijilikli çözgütleri hödürlemek üçin birleşdik. Biz LTM -da öň korporatiw çäklendirmeler sebäpli durmuşa geçirilmedik pikirleri amala aşyrmaga mümkinçilik aldyk — indi bolsa batyrgaý we innowasion çözgütleri hödürleýäris.

Biziň ýörelgämiz — müşderiniň netijesine gönükdirilen iş we onuň işine hakykatdan hem peýda berjek zatlary teklip etmek. Her bir proýekte aýratyn çemeleşýäris, käwagt iň amatly çözgüt taýýar şablon bolsa-da (bu elbetde gowy däldir((( ), biz ony hem saýlap bilýäris.Maksatlaryňyza has laýyk gelýän aýratyn önümi döretmek mümkinçiligi bar bolsa — biz şol ýoly hödürläris. Biz müşderilerimize ösüşe tarap ýol açýan netijeli çözgütleri teklip edýäris we tehniki kynçylyklaryň hemmesini özümize alýarys.

LTM — tehnologik innowasiýalara we sanly transformasiýa tarap ýolda siziň ygtybarly hyzmatdaşlaryňyz. Biz diňe bir meseläňizi çözüp goýbermeris — eýsem biziň hödürleýän çözgütlerimiz, bäsdeşleriňiz hünärini üýtgetmegine-de sebäp bolup biler.