Scrolling decorative text image
Center LTM logo

Только для самых смелых

+993 61 00 97 92
RU EN TM
Логотип LTM Studio
Nidzhat

Taslamanyň jikme-jikleri Nidzhat

Kim?

Nidzhat

Näme?

Köp sahypaly web

Hacan?

2024

Maksat

Müşderi özüni hünärmen hökmünde tanatmak, hukuk tejribesi barada gürrüň bermek we potensial müşderiler bilen aragatnaşygy ýeňilleşdirmek üçin şahsy sahypa isledi. Esasy üns — ynama, maglumatlaryň düşnükli görnüşde berilmegine we tiz aragatnaşyk gurmak mümkinçiligine gönükdirildi.

Netije

Biz müşderiniň müşderileri bilen bir dilde gürleşmegine kömek edýän sahypa döretdik. Sahypanyň gurluşy islendik ulanyjy gerek bolan maglumatyny aňsatlyk bilen tapyp biler ýaly gurnalan: hukuk hyzmatlarynyň esasy ugurlary üçin aýratyn sahypalar, köp berilýän soraglara jogap berýän bölüm, şahsy taryh we iş ýörelgesi bilen tanyşdyrýan blok, halkarasy amatly, tiz habarlaşyk serişdeleri bilen üpjün edilen kontaktlar bölümi. Dizaýn — ýönekeý, döwrebap we üns bilen işlenilen. Sahypa ähli enjamda birmeňzeş derejede amatly işleýär we geljekde täze bölümler ýa-da hyzmatlar goşulanda hem aňsatlyk bilen giňeldilip bilner. Indi Nidzhat hukuk ulgamyndaky şahsy brendini berkitmäge, ynam gazanmaga we maslahatlara isleg döredýän professional onlaýn wekiliýete eýe boldy.

Öz
işimiziň ussatlary

Diňe bir zat däl
IT kompaniýasyndan hem giň

Biz işiňizi öňe sürýän "detallar we gurallar" döredýäris. Her bir pikiri çuňňur işläp taýýarlaýarys, onuň gymmatlyklaryny we filosofiýasyny giňeldýäris. Netijede, işiňiziň ösmegine kömek edýän möhüm çözgütleri döredýäris.

Biziň üçin esasy zat — netije. "Işiň çylşyrymlylygyna garamazdan, biz täze pikirleri ýüze çykarýarys." LTM — pikir bilen duýgyny baglanyşdyrýan studiýa. Biz muny başarýarys!

LTM — Türkmenistanda web sahypalary, mobil priloženiýalary taýýarlamak we Bitrix24 ulgamyny ornaşdyrmak boýunça IT çözgütleri hödürleýän kompaniýa. Biz orta we uly biznes üçin işläp, diňe sanly önüm döretmek bilen çäklenmän, eýsem IT arkaly iş prosesindäki kynçylyklary hem çözmäge kömek edýäris.

"Biz — professional topar" diýen söz her bir saýtda gabat gelýär. Emma biz başga ugurdan ýöremegi saýladyk. LTM — iri kompaniýalarda 4+ ýyl tejribesi bolan IT hünärmenleriň topary. Biz öz taslamalarymyzy döretmek we müşderilerimize täze, döredijilikli çözgütleri hödürlemek üçin birleşdik. Biz LTM -da öň korporatiw çäklendirmeler sebäpli durmuşa geçirilmedik pikirleri amala aşyrmaga mümkinçilik aldyk — indi bolsa batyrgaý we innowasion çözgütleri hödürleýäris.

Biziň ýörelgämiz — müşderiniň netijesine gönükdirilen iş we onuň işine hakykatdan hem peýda berjek zatlary teklip etmek. Her bir proýekte aýratyn çemeleşýäris, käwagt iň amatly çözgüt taýýar şablon bolsa-da (bu elbetde gowy däldir((( ), biz ony hem saýlap bilýäris.Maksatlaryňyza has laýyk gelýän aýratyn önümi döretmek mümkinçiligi bar bolsa — biz şol ýoly hödürläris. Biz müşderilerimize ösüşe tarap ýol açýan netijeli çözgütleri teklip edýäris we tehniki kynçylyklaryň hemmesini özümize alýarys.

LTM — tehnologik innowasiýalara we sanly transformasiýa tarap ýolda siziň ygtybarly hyzmatdaşlaryňyz. Biz diňe bir meseläňizi çözüp goýbermeris — eýsem biziň hödürleýän çözgütlerimiz, bäsdeşleriňiz hünärini üýtgetmegine-de sebäp bolup biler.