Scrolling decorative text image
Center LTM logo

Только для самых смелых

+993 61 00 97 92
RU EN TM
Логотип LTM Studio
Nurana Bedew

Taslamanyň jikme-jikleri Nurana Bedew

Kim?

Nurana Bedew

Näme?

Bitrix

Hacan?

2025

Maksat

Kompaniýanyň ösüşi bilen birlikde wezipeleriň, gatnaşyjylaryň we resminamalaryň sany hem artdy. Şonuň üçin ähli işleri bir ýerden dolandyrmaga mümkinçilik berýän ulgam gerek boldy — wezipesini bermek, jogapkärleri belläp, möhletleri yzarlamak we iş proseslerini açyk saklamak üçin. Esasan-da eksport, resmileşdiriş we şertnamalar bilen baglanyşykly işleri tertipläp dolandyrmak gerekdi

Netije

Ilki bilen kompaniýadaky häzirki iş proseslerini seljerdik: işler nähili gurnalýar, haýsy ýerlerde bökdençlik bolýar we haýsy wezipeler gaýtalanýar — şulary gözden geçirdik. Soňra Bitrix24 ulgamyny ornaşdyrmak boýunça ädimme-ädim meýilnama düzdük. Bir aýyň dowamynda bölümleriň ýolbaşçylary bilen her gün işleşdik: wezipeleriň ugruny, rol bölünişini we ylalaşyk ugurlaryny sazladyk. Şondan soň ulgamy tapgyrlaýyn işgärlere geçirdik, işläp ulanmaga öwretdik we ornaşdyrma tapgyryna goldaw berdik. Üstüne üstlük, ýöriteleşdirilen iş proseslerini hem awtomatlaşdyrdyk: eksport amallarynyň resmileşdirilişi we gözegçiligi, içki resminamalaryň ykrar edilmegi, şertnamalaryň ylalaşyk ugurlary we statuslary. Şu wagt kompaniýada Bitrix24 esasynda işleýän ulgam bar — kim näme edýär we haçan edýär diýen zatlar aýdyňdyr, ähli işler yzarlanýar we möhüm ädimler ýitirilmeýär.

Öz
işimiziň ussatlary

Diňe bir zat däl
IT kompaniýasyndan hem giň

Biz işiňizi öňe sürýän "detallar we gurallar" döredýäris. Her bir pikiri çuňňur işläp taýýarlaýarys, onuň gymmatlyklaryny we filosofiýasyny giňeldýäris. Netijede, işiňiziň ösmegine kömek edýän möhüm çözgütleri döredýäris.

Biziň üçin esasy zat — netije. "Işiň çylşyrymlylygyna garamazdan, biz täze pikirleri ýüze çykarýarys." LTM — pikir bilen duýgyny baglanyşdyrýan studiýa. Biz muny başarýarys!

LTM — Türkmenistanda web sahypalary, mobil priloženiýalary taýýarlamak we Bitrix24 ulgamyny ornaşdyrmak boýunça IT çözgütleri hödürleýän kompaniýa. Biz orta we uly biznes üçin işläp, diňe sanly önüm döretmek bilen çäklenmän, eýsem IT arkaly iş prosesindäki kynçylyklary hem çözmäge kömek edýäris.

"Biz — professional topar" diýen söz her bir saýtda gabat gelýär. Emma biz başga ugurdan ýöremegi saýladyk. LTM — iri kompaniýalarda 4+ ýyl tejribesi bolan IT hünärmenleriň topary. Biz öz taslamalarymyzy döretmek we müşderilerimize täze, döredijilikli çözgütleri hödürlemek üçin birleşdik. Biz LTM -da öň korporatiw çäklendirmeler sebäpli durmuşa geçirilmedik pikirleri amala aşyrmaga mümkinçilik aldyk — indi bolsa batyrgaý we innowasion çözgütleri hödürleýäris.

Biziň ýörelgämiz — müşderiniň netijesine gönükdirilen iş we onuň işine hakykatdan hem peýda berjek zatlary teklip etmek. Her bir proýekte aýratyn çemeleşýäris, käwagt iň amatly çözgüt taýýar şablon bolsa-da (bu elbetde gowy däldir((( ), biz ony hem saýlap bilýäris.Maksatlaryňyza has laýyk gelýän aýratyn önümi döretmek mümkinçiligi bar bolsa — biz şol ýoly hödürläris. Biz müşderilerimize ösüşe tarap ýol açýan netijeli çözgütleri teklip edýäris we tehniki kynçylyklaryň hemmesini özümize alýarys.

LTM — tehnologik innowasiýalara we sanly transformasiýa tarap ýolda siziň ygtybarly hyzmatdaşlaryňyz. Biz diňe bir meseläňizi çözüp goýbermeris — eýsem biziň hödürleýän çözgütlerimiz, bäsdeşleriňiz hünärini üýtgetmegine-de sebäp bolup biler.