Taslamanyň jikme-jikleri PJ PRODUCTION
Kim?
PJ PRODUCTION
Näme?
Landing
Hacan?
2025
Maksat
Biziň öňümizde Russiýada ýerleşýän media-prodýuşn kompaniýasy üçin döredijilige we wizual görkezilişe aýratyn üns berýän saýty döretmek wezipesi goýuldy. Möhüm zat — diňe maglumat berýän saýty däl-de, eýsem dizaýn we özara täsir arkaly prodýuşnyň derejesini görkezýän saýty döretmek boldy. Taslamanyň esasy maksatlary: — döwrebap wizual stili işläp taýýarlamak; — portfolio we ýerine ýetirilen işleri görkezmek; — imidžli sanly önümi döretmek; — amatly nawigasiýany we düşnükli gurluşy üpjün etmek.
Netije
Biz PJ Production üçin wizual kontente we interaktiwlige aýratyn üns berýän döredijilikli saýty işläp taýýarladyk. Çözgüdiň çäklerinde aşakdaky mümkinçilikler amala aşyryldy: — Wideo we keýsler bilen ünsi jemleýän özboluşly dizaýn; — Animasiýalar we interaktiw elementler; — Hyzmatlaryň we taslamalaryň gurluşly görkezilişi; — Ähli enjamlar üçin adaptasiýaly dizaýn; — Amatly nawigasiýa we ulanyjy tejribesi; — Ýükleniş tizliginiň we öndürijiligiň optimizasiýasy.
işimiziň ussatlary
Diňe bir zat däl
IT kompaniýasyndan hem giň
Biz işiňizi öňe sürýän "detallar we gurallar" döredýäris. Her bir pikiri çuňňur işläp taýýarlaýarys, onuň gymmatlyklaryny we filosofiýasyny giňeldýäris. Netijede, işiňiziň ösmegine kömek edýän möhüm çözgütleri döredýäris.
Biziň üçin esasy zat — netije. "Işiň çylşyrymlylygyna garamazdan, biz täze pikirleri ýüze çykarýarys." LTM — pikir bilen duýgyny baglanyşdyrýan studiýa. Biz muny başarýarys!
LTM — Türkmenistanda web sahypalary, mobil priloženiýalary taýýarlamak we Bitrix24 ulgamyny ornaşdyrmak boýunça IT çözgütleri hödürleýän kompaniýa. Biz orta we uly biznes üçin işläp, diňe sanly önüm döretmek bilen çäklenmän, eýsem IT arkaly iş prosesindäki kynçylyklary hem çözmäge kömek edýäris.
"Biz — professional topar" diýen söz her bir saýtda gabat gelýär. Emma biz başga ugurdan ýöremegi saýladyk. LTM — iri kompaniýalarda 4+ ýyl tejribesi bolan IT hünärmenleriň topary. Biz öz taslamalarymyzy döretmek we müşderilerimize täze, döredijilikli çözgütleri hödürlemek üçin birleşdik. Biz LTM -da öň korporatiw çäklendirmeler sebäpli durmuşa geçirilmedik pikirleri amala aşyrmaga mümkinçilik aldyk — indi bolsa batyrgaý we innowasion çözgütleri hödürleýäris.
Biziň ýörelgämiz — müşderiniň netijesine gönükdirilen iş we onuň işine hakykatdan hem peýda berjek zatlary teklip etmek. Her bir proýekte aýratyn çemeleşýäris, käwagt iň amatly çözgüt taýýar şablon bolsa-da (bu elbetde gowy däldir((( ), biz ony hem saýlap bilýäris.Maksatlaryňyza has laýyk gelýän aýratyn önümi döretmek mümkinçiligi bar bolsa — biz şol ýoly hödürläris. Biz müşderilerimize ösüşe tarap ýol açýan netijeli çözgütleri teklip edýäris we tehniki kynçylyklaryň hemmesini özümize alýarys.
LTM — tehnologik innowasiýalara we sanly transformasiýa tarap ýolda siziň ygtybarly hyzmatdaşlaryňyz. Biz diňe bir meseläňizi çözüp goýbermeris — eýsem biziň hödürleýän çözgütlerimiz, bäsdeşleriňiz hünärini üýtgetmegine-de sebäp bolup biler.