
Taslamanyň jikme-jikleri TM Uber
Kim?
TM Uber
Näme?
Mobil applikasiýalar
Hacan?
2024
Maksat
Müşderi öz taksi hyzmatyny işe girizmek pikiri bilen bize ýüzlendi. Bazarda eýýäm taýýar çözgütler bardy, emma olar şablon görnüşindedi: interfeýsler o diýen amatly däl, üýtgetmeler girizmek mümkin däl, iş logikasy bolsa berk kodlaşdyrylan. Müşderi bolsa özüne degişli çözgüt isleýärdi — döwrebap, amatly we geljekde ösdürip boljak çeýe ulgam.
Netije
Biz müşderi üçin doly taýýar çözgüt işläp taýýarladyk: Web-dispetçer paneli — sargytlary el bilen dolandyrmaga, ýolagçy gatnawlaryny yzarlamaga, sürüjileri bellemäge we statistikalary görmäge mümkinçilik berýär. Interfesi düşnükli, ýönekeý — hiç zat artyk däl. Sürüji üçin goşundy — sargytlar, ugur, balans we ýagdaý görkezilýär. Sürüji üçin hiç hili öwrenmäge zerurlyk ýok — ähli zat başyndan logiki we düşnükli. Müşderi üçin goşundy — minimalistik dizaýn bilen, sargyt goýmagyň iň çalt we ýönekeý görnüşi. Salgy girizilýär, bellik ýazylýar, bir gezek basylýar — ulag ýola çykýar. Ulgam soňraky ösüş, täzelenme we ýerli aýratynlyklara uýgunlaşma üçin ýörite gurlan. Bu taýýar şablon däl — bu öz brendiňi gurmaga niýetlenen güýçli binýat.
işimiziň ussatlary
Diňe bir zat däl
IT kompaniýasyndan hem giň
Biz işiňizi öňe sürýän "detallar we gurallar" döredýäris. Her bir pikiri çuňňur işläp taýýarlaýarys, onuň gymmatlyklaryny we filosofiýasyny giňeldýäris. Netijede, işiňiziň ösmegine kömek edýän möhüm çözgütleri döredýäris.
Biziň üçin esasy zat — netije. "Işiň çylşyrymlylygyna garamazdan, biz täze pikirleri ýüze çykarýarys." LTM — pikir bilen duýgyny baglanyşdyrýan studiýa. Biz muny başarýarys!
LTM — Türkmenistanda web sahypalary, mobil priloženiýalary taýýarlamak we Bitrix24 ulgamyny ornaşdyrmak boýunça IT çözgütleri hödürleýän kompaniýa. Biz orta we uly biznes üçin işläp, diňe sanly önüm döretmek bilen çäklenmän, eýsem IT arkaly iş prosesindäki kynçylyklary hem çözmäge kömek edýäris.
"Biz — professional topar" diýen söz her bir saýtda gabat gelýär. Emma biz başga ugurdan ýöremegi saýladyk. LTM — iri kompaniýalarda 4+ ýyl tejribesi bolan IT hünärmenleriň topary. Biz öz taslamalarymyzy döretmek we müşderilerimize täze, döredijilikli çözgütleri hödürlemek üçin birleşdik. Biz LTM -da öň korporatiw çäklendirmeler sebäpli durmuşa geçirilmedik pikirleri amala aşyrmaga mümkinçilik aldyk — indi bolsa batyrgaý we innowasion çözgütleri hödürleýäris.
Biziň ýörelgämiz — müşderiniň netijesine gönükdirilen iş we onuň işine hakykatdan hem peýda berjek zatlary teklip etmek. Her bir proýekte aýratyn çemeleşýäris, käwagt iň amatly çözgüt taýýar şablon bolsa-da (bu elbetde gowy däldir((( ), biz ony hem saýlap bilýäris.Maksatlaryňyza has laýyk gelýän aýratyn önümi döretmek mümkinçiligi bar bolsa — biz şol ýoly hödürläris. Biz müşderilerimize ösüşe tarap ýol açýan netijeli çözgütleri teklip edýäris we tehniki kynçylyklaryň hemmesini özümize alýarys.
LTM — tehnologik innowasiýalara we sanly transformasiýa tarap ýolda siziň ygtybarly hyzmatdaşlaryňyz. Biz diňe bir meseläňizi çözüp goýbermeris — eýsem biziň hödürleýän çözgütlerimiz, bäsdeşleriňiz hünärini üýtgetmegine-de sebäp bolup biler.