Scrolling Image
Center Image

Только для самых смелых

+993 61 00 97 92
RU EN TM
Logo
Image

Taslamanyň jikme-jikleri Transcaspian Tours

Kim?

Transcaspian Tours

Näme?

Katalog web-sahypa

Hacan?

2025

Maksat

Müşderi üçin esasy zat — diňe bir saýt döretmek däl-de, eýsem onuň turistleri özüne çekmegi boldy. Işler başlamazdan ozal, saýtyň indekslenişi pesdi, möhüm açar sözler boýunça gözlegde görkezilmeýärdi we islenişi ýaly traffik getirmeýärdi. Wezipa — saýtyň internetde görünmesini ýokarlandyrmak, öňe sürmäge taýýarlamak we reklamany işe girizmekdi

Netije

Biz başlangyç SEO optimizasiýasyny geçirdik we saýty gözleg ulgamlarynda peýda bolmagy üçin taýýarladyk: Google Search Console birleşdirdik — sahypanyň indekslenişini we tehniki ýalňyşlyklary gözegçilikde saklamak üçin; Google Analytics sazladyk — ulanyjylaryň traffigini we hereketini yzarlamak üçin; Baş sahypa ýazgylaryny tertipledik: H1–H6 derejesindäki sarlawgalary dogry ýerleşdirdik, sahypalaryň gözleg motorlary üçin has düşnükli bolmagy üçin; Tekstleri degişli açar sözlere görä täzeden ýazdyk; Meta beýany we açar sözleri täzeledik; Google Ads reklamalaryny başlatdyk — traffigi çalt artdyrmak we hödürlemelere gyzyklanmany synagdan geçirmek üçin. Netijede, sahypa indekslenmäge başlady, pozisiýalar gowulandy we ilkinji geçişler reklamadan hem-de organiki gözlegden peýda boldy.

Öz
işimiziň ussatlary

Diňe bir zat däl
IT kompaniýasyndan hem giň

Biz işiňizi öňe sürýän "detallar we gurallar" döredýäris. Her bir pikiri çuňňur işläp taýýarlaýarys, onuň gymmatlyklaryny we filosofiýasyny giňeldýäris. Netijede, işiňiziň ösmegine kömek edýän möhüm çözgütleri döredýäris.

Biziň üçin esasy zat — netije. "Işiň çylşyrymlylygyna garamazdan, biz täze pikirleri ýüze çykarýarys." LTM — pikir bilen duýgyny baglanyşdyrýan studiýa. Biz muny başarýarys!

LTM — Türkmenistanda web sahypalary, mobil priloženiýalary taýýarlamak we Bitrix24 ulgamyny ornaşdyrmak boýunça IT çözgütleri hödürleýän kompaniýa. Biz orta we uly biznes üçin işläp, diňe sanly önüm döretmek bilen çäklenmän, eýsem IT arkaly iş prosesindäki kynçylyklary hem çözmäge kömek edýäris.

"Biz — professional topar" diýen söz her bir saýtda gabat gelýär. Emma biz başga ugurdan ýöremegi saýladyk. LTM — iri kompaniýalarda 4+ ýyl tejribesi bolan IT hünärmenleriň topary. Biz öz taslamalarymyzy döretmek we müşderilerimize täze, döredijilikli çözgütleri hödürlemek üçin birleşdik. Biz LTM -da öň korporatiw çäklendirmeler sebäpli durmuşa geçirilmedik pikirleri amala aşyrmaga mümkinçilik aldyk — indi bolsa batyrgaý we innowasion çözgütleri hödürleýäris.

Biziň ýörelgämiz — müşderiniň netijesine gönükdirilen iş we onuň işine hakykatdan hem peýda berjek zatlary teklip etmek. Her bir proýekte aýratyn çemeleşýäris, käwagt iň amatly çözgüt taýýar şablon bolsa-da (bu elbetde gowy däldir((( ), biz ony hem saýlap bilýäris.Maksatlaryňyza has laýyk gelýän aýratyn önümi döretmek mümkinçiligi bar bolsa — biz şol ýoly hödürläris. Biz müşderilerimize ösüşe tarap ýol açýan netijeli çözgütleri teklip edýäris we tehniki kynçylyklaryň hemmesini özümize alýarys.

LTM — tehnologik innowasiýalara we sanly transformasiýa tarap ýolda siziň ygtybarly hyzmatdaşlaryňyz. Biz diňe bir meseläňizi çözüp goýbermeris — eýsem biziň hödürleýän çözgütlerimiz, bäsdeşleriňiz hünärini üýtgetmegine-de sebäp bolup biler.