Taslamanyň jikme-jikleri Talwas Ýoly
Kim?
Talwas Ýoly
Näme?
Bitrix
Hacan?
2025
Maksat
Biziň öňümizde forumlaryň we sergileriň çäginde Türkmenistanda daşary ýurtly delegatlary goldaýan kompaniýa üçin bulut esasly Bitrix24 ulgamynda iş proseslerini sazlamak we gurnamak wezipesi durýardy. Zerur bolan şertler: delegatlar bilen işlemek üçin dogry CRM logikasyny gurmak; gatnaşyjylaryň goldaw tapgyrlaryny gurnamak; meseleleriň we möhletleriň gözegçiligini üpjün etmek; esasy operasion prosesleri awtomatlaşdyrmak; ýolbaşçylar üçin aç-açan we düşnükli dolandyryş ulgamyny döretmek.
Netije
Biz halkara delegasiýalar bilen işiň aýratynlyklaryny nazara alyp, bulut esasly CRM ulgamyny sazladyk. Taslamanyň çäginde: müşderi ýolunyň (pipeline) gurluşyny we goldaw tapgyrlaryny döretdik; kontaktlaryň we geleşikleriň kartlaryny zerur meýdanlar bilen sazladyk; awtomatiki habarlandyrmalary we trigger esasly iş akymlaryny ornaşdyrdyk; meseleleri goýmak we gözegçilik etmek ulgamyny guradyk; platformanyň içinde içerki aragatnaşygy optimizirledik. Netijede, kompaniýa delegatlar bilen işi aç-açan alnyp barylýan, tapgyrlary gözegçilikde saklanylýan we esasy prosesleri awtomatlaşdyrylan ulgamlaýyn CRM infrastrukturasyny aldy.
işimiziň ussatlary
Diňe bir zat däl
IT kompaniýasyndan hem giň
Biz işiňizi öňe sürýän "detallar we gurallar" döredýäris. Her bir pikiri çuňňur işläp taýýarlaýarys, onuň gymmatlyklaryny we filosofiýasyny giňeldýäris. Netijede, işiňiziň ösmegine kömek edýän möhüm çözgütleri döredýäris.
Biziň üçin esasy zat — netije. "Işiň çylşyrymlylygyna garamazdan, biz täze pikirleri ýüze çykarýarys." LTM — pikir bilen duýgyny baglanyşdyrýan studiýa. Biz muny başarýarys!
LTM — Türkmenistanda web sahypalary, mobil priloženiýalary taýýarlamak we Bitrix24 ulgamyny ornaşdyrmak boýunça IT çözgütleri hödürleýän kompaniýa. Biz orta we uly biznes üçin işläp, diňe sanly önüm döretmek bilen çäklenmän, eýsem IT arkaly iş prosesindäki kynçylyklary hem çözmäge kömek edýäris.
"Biz — professional topar" diýen söz her bir saýtda gabat gelýär. Emma biz başga ugurdan ýöremegi saýladyk. LTM — iri kompaniýalarda 4+ ýyl tejribesi bolan IT hünärmenleriň topary. Biz öz taslamalarymyzy döretmek we müşderilerimize täze, döredijilikli çözgütleri hödürlemek üçin birleşdik. Biz LTM -da öň korporatiw çäklendirmeler sebäpli durmuşa geçirilmedik pikirleri amala aşyrmaga mümkinçilik aldyk — indi bolsa batyrgaý we innowasion çözgütleri hödürleýäris.
Biziň ýörelgämiz — müşderiniň netijesine gönükdirilen iş we onuň işine hakykatdan hem peýda berjek zatlary teklip etmek. Her bir proýekte aýratyn çemeleşýäris, käwagt iň amatly çözgüt taýýar şablon bolsa-da (bu elbetde gowy däldir((( ), biz ony hem saýlap bilýäris.Maksatlaryňyza has laýyk gelýän aýratyn önümi döretmek mümkinçiligi bar bolsa — biz şol ýoly hödürläris. Biz müşderilerimize ösüşe tarap ýol açýan netijeli çözgütleri teklip edýäris we tehniki kynçylyklaryň hemmesini özümize alýarys.
LTM — tehnologik innowasiýalara we sanly transformasiýa tarap ýolda siziň ygtybarly hyzmatdaşlaryňyz. Biz diňe bir meseläňizi çözüp goýbermeris — eýsem biziň hödürleýän çözgütlerimiz, bäsdeşleriňiz hünärini üýtgetmegine-de sebäp bolup biler.